Daşary Işler Ministri Hakan Fidana Gutlag Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär
Fidan, Borrel we Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Borrel, Hakan Fidany täze wezipesi bilen gutlady.
Beýleki tarapdan Hakan Fidan, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Lawrow telefon söhbetdeşliginde Fidany täze wezipesi bilen gutlady.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Kärdeşler telefon söhbetdeşliginde, energetika, hökümetara söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk topary, Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdy. Sebitara we halkara meseleler hem gün tertbine getirildi” diýildi.
Degişli Habarlar

Hakan Fidan paýtagt Ankarada diplomatik gepleşikler geçirdi
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan paýtagt Ankara şäherinde diplomatik gepleşikler geçirdi