Türkiýe Asyrynda Ýurduň Howpsuzlygy we Eşretli Geljegi Üçin Edilýän Başlangyçlar Dowam Eder

MHG Türkiýe Asyrynda Ýurduň Howpsuzlygy we Eşretli Geljegi Üçin Edilýän Başlangyçlaryň Egilşiksiz Dowam Etjekdigini Beýan Etdi

1997427
Türkiýe Asyrynda Ýurduň Howpsuzlygy we Eşretli Geljegi Üçin Edilýän Başlangyçlar Dowam Eder

Düýn Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezidentiň Kompleksinde geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soň jarnama çap edildi.

Jarnamada PKK/KJK-PÝD/ÝPG, FETÖ we DEAŞ terror guramalarynyň başda durmagynda milli jebislige hem-de agzybirlik bilen ýurduň geljegine abanýan ähli howplara garşy ýurduň içinde we daşynda batyrgaýlyk, egilşiksizlik we üstünlik bilen geçirilýän operasiýalar hakynda geňeşe maglumat berilendigi nygtalýar.

Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagy bilen durnukly parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmeginiň terror guramalaryndan saplanmagy bilen mümkin boljakdygyna üns çekilýän jarnamada, Kosowada möwjeýän dartgynlygyň bolsa sebitdäki ynjyk deňagramlyklary bozjak çykgynsyzlyga öwrülmegine ýol bermezlik maksady bilen dialog we geňeşmeler dowam edýärkä, Türkiýäniň sebite berýän goldawynyň ähmiýeti nygtaldy.

Mejlisde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweşiň sebite abanýan howplary hakynda durlup geçilendigi, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky dialog tapgyrynda ýetilen sepgide kanagatlanma bildirilýändigi mälim edildi.

Jarnamada şeýle hem Sudanda çaknyşýan tarap hüjümleri dessine bes edip, geçiş tapgyrynyň gazananlaryny goramaga we meseleleri ylalaşyk arkaly çözmäge çagyrylyp, Türkiýäniň Sudanda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrundaky ähli tagallalara mundan beýläk hem degişli goldawyň beriljekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar