Erdogan Bilen Mişel Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Mişel, Erdogany gaýtadan bu wezipä saýlanmagy bilen gutlady.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogana telefon eden Mişel, Erdogany gaýtadan bu wezipä saýlanmagy bilen gutlady.
Erdogan bilen Mişel telefon söhbetdeşliginde Türkiýänin ÝB-ne agzalygy we sebitara meseleler hakynda hem pikir alyşdy.
Prezident Erdogan, ÝB-ne agzalyk meselesinde Türkiýä içgin çemeleşilmeginiň we doly agzalyk etabyna goldaw berilmeginiň Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypa açyp biljekdigini nygtady.
Prezident Erdogan, gümrük bileleşigi şertnamasynyň ýaňadandan gözden geçirilmegi, wiza erkinligi, bosgunlaryň yzyna dolanmagy we terrora garşy göreş ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Prezident Erdogan, Ýewropa üçin strategiýa taýdan uly ähmiýete eýe bolan Türkiýäniň ÝB-ne doly agza bolmagy üçin tagalla edilmelidigini belledi.
Degişli Habarlar

Egeý deňzindäki ýer titremeler dowam edýär
Ýer titremäniň ýeriň 7 km aşagynda emele gelendigi habar berildi