“Saýlawda Diňe Biz Däl Eýsem Türkiýe, Halkymyz we Demokratiýa Üstünlik Gazandy”

Erdogan bu gezek paýtagt Ankarada Prezident köşgüniň balkonynda çykyş etdi.

1992160
“Saýlawda Diňe Biz Däl Eýsem Türkiýe, Halkymyz we Demokratiýa Üstünlik Gazandy”

Prezident R. T. Erdogan “Saýlawda diňe biz däl eýsem Türkiýe, halkymyz we demokratiýa üstünlik gazandy” diýdi.

Prezident Erdogan, prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynda üstünlik gazanmagyndan soň, däp bolşy ýaly her saýlawdan soň saýlawyň netijeleri hakynda çykyş etdi.

 Erdogan bu gezek paýtagt Ankarada Prezident köşgüniň balkonynda çykyş etdi.

Saýlawda ses beren ähli raýatlara sagbolsun aýdan Erdogan, “Saýlawda “diňe biz däl eýsem Türkiýe, halkymyz we demokratiýa üstünlik gazandy” diýip belledi.

Hiç hili öýke-kinäniň ýokdygyny aýdan Erdogan “Indi milli maksatlarymyzy amala aşyrmak üçin jebislikde hereket etmegiň wagty geldi” diýdi.

Ýokary saýlaw geňeşiniň resmi bolmadyk netijelerine görä, Erdogan düýn geçirlen prezident saýlawynda sesleriň 52,14 göterimini alyp ýaňadandan prezidentlige saýlandy.

 

 



Degişli Habarlar