Erdogan Bilen Baýden Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirer

Erdogan birnäçe ýurduň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer

1992596
Erdogan Bilen Baýden Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirer

Prezident R. T. Erdogan şu gün agşam ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Kalyn, Türkiýäniň, Prezident R. T. Erdoganyň tejribeli we başarjaň syýasatçydygyny ýene-de bir gezek tassyklandygyny nygtady.

Saýlawda Türkiýäniň uly üstünlik gazanandygyny aýdan Kalyn, güýçli we garaşsyz Türkiýe etabynyň mundan soň güýçlenmek bilen dowam etjekdigini ýatlatdy.

Saýlawyň yzy ýanynda Prezident Erdogan güýçli depginde işe girişendigini aýdan Kalyn “Dünýä ýurtlaryndan gutlag telefonlary gelýär. Birnäçe ýurduň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer. Şu gün agşam ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer. Wladimir Putin, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ysraýylyň, Gresiýanyň, İspaniýanyň, Gollandiýanyň we Ukrainanyň şeýle hem NATO-nyň Baş sekretary bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmegine garaşylýar”diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar