Türkiye Somalide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Beýanatda: "Türkiye terrora garşy göreşde Somaliniň ýanynda bolmaga dowam eder" diýip beýan edildi

Türkiye Somaliniň Buulo Mareer sebitinde ýerelşýän Afrika Bileleşiginiň Wagtlaýyn missiýanyň (ATMIS) ugandaly Parahatçylyk gorag güýçlerine garşy guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.
Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan mesele bilen bagly berilen beýanatda, Türkiyäniň Somalidäki ugandaly Parahatçylygy goramak güýçlerine garşy guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýandygy, Somaliniň halkynyň asudalygy we howpsuzlygy üçin iş alyp barýan mahaly ýogalan ATMIS-iň işgärleriniň ýogalmagy sebäpli gynanç bildirýändigi, dostlukly Ugandanyň we Somaliniň halklaryna gynanç bildirýändigi, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýändigi habar berildi.
Beýanatda: "Türkiye terrora garşy göreşde Somaliniň ýanynda bolmaga dowam eder" diýip beýan edildi.
Degişli Habarlar

Hakan Fidan paýtagt Ankarada diplomatik gepleşikler geçirdi
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan paýtagt Ankara şäherinde diplomatik gepleşikler geçirdi