Prezident Erdogan Stambulda geçirilen "Zenanlaryň Türkiyesi" atly maslahatda çykyş etdi

Stambulda geçirilen "Zenanlaryň Türkiyesi" atly maslahatda eden çykyşynda, gatnaşyjylara we Türkiyedäki ähli zenanlara mähirli salam berdi

1991434
Prezident Erdogan Stambulda geçirilen "Zenanlaryň Türkiyesi" atly maslahatda çykyş etdi
erdogan tadinlarin turkiye'si istanbul.jpg
erdogan kadinlarin turkiye'si.jpg

Prezident Erdogan ýekşenbe güni geçiriljek Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry bilen baglanşykly: "Öňümizdäki ýekşenbe güni ýene-de bir gezek saýlaw geçiriler, mümkin durmuşymyzyň iň möhüm saýlawyny ederis. Diňe özümiz bilen baglanşykly däl, eýsem ýurdumyzyň we çagalarymyzyň geljegi bilen baglanşykly möhüm kararlar bereris" diýip belledi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Stambulda geçirilen "Zenanlaryň Türkiyesi" atly maslahatda eden çykyşynda, gatnaşyjylara we Türkiyedäki ähli zenanlara mähirli salam berdi. 

Prezident Erdogan aýaklarynyň aşagyna jennediň serilen gül ýüzli eneleri, ekstremist terror guramasy PKK-nyň zor bilen daga alyp giden çagalaryna gowuşmak üçin ençeme aýlap nobat tutýan Diýarbakyrdaky eneleri hormatlaýandygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan 14-nji maýda geçirilen prezident we deputat saýlawlarynyň 1-nji tapgyrynda Mejlisde Halk ýaranlygynyň 323 deputaty bilen köplüge eýe bolandygyny ýatladyp, ýarym goýan işlerini ýekşenbe güni geçiriljek saýlawda sesleriň köplügi we üstünlik bilen tamamlajakdyklaryny habar berdi. 

Perzident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin diňe 1 günüň galandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Öňümizdäki ýekşenbe güni ýene-de bir gezek saýlaw geçiriler, mümkin durmuşymyzyň iň möhüm saýlawyny ederis. Diňe özümiz bilen baglanşykly däl, eýsem ýurdumyzyň we çagalarymyzyň geljegi bilen baglanşykly möhüm kararlar bereris" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan raýatlary uly bir gatnaşyk bilen saýlawlara gatnaşmaga çagyrdy.  



Degişli Habarlar