Milli Goranmak ministrligi "Hyzyr Reis" suwasty gämisiniň işe girişendigini habar berdi

Milli Goranmak ministrligi täze görnüşli suwasty gämi taslamasynyň 2-nji gämisi bolan Hyzyr Reis suwasty gäminiň işe girizilendigini mälim etdi

1991087
Milli Goranmak ministrligi "Hyzyr Reis" suwasty gämisiniň işe girişendigini habar berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Täze görnüşli suwasty gämi taslamasynyň 2-nji gämisi bolan Hyzyr Reis suwasty gämisi 2023-nji ýylyň 25-nji maýynda işe girizildi. Harby-deňiz güýçlerimize düşümli bolsun" diýip bellendi. 

Göljük gämi gurluşyk ussahanasynda gurulan ilkinji suwasty gämi TJG Piri Reis (S-330) 2021-nji ýylyň mart aýynda işe girişipdi. Taslamanyň çäginde TJG Hyzyr Reis suwasty gämini howuza geçirmek we TJG Selman Reis suwasty gäminiň ilkinji kebşirleýiş dabarasy hem 2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda amala aşyrylypdy. 



Degişli Habarlar