Daşary ýurtlarda berilen sesler Ankara getirildi
Türkiyede 28-nji maýda geçiriljek Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin daşary ýurtlarda berilen sesler paýtagt Ankara getirildi
1991271

Daşary ýurtlarda ulanylan 1 million 783 müň 107 sesiň ählisi Türk Howa ýollaryna degişli 3 aýry uçar bilen Ankara getirildi.
Býulletenler ýük ulaglaryna ýüklenip "Ses torbalaryny geçirmek komissiýasynyň" ýoldaşlyk etmeginde Daşary ýurt etrap saýlaw geňeşine alynyp gidildi.
Daşary ýurtlarda saýlaw möhlediniň tamamlanmagyndan soň, daşary ýurtda saýlaw sanawynda hasaba alynan saýlawçylar 28-nji maý Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-a çenli gümrük geçelgelerinde ses berip bilerler.