ABŞ-da Türk Öýüne hüjüm guran hüjümçi tussag edildi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Türk Öýüne hüjüm guran hüjümçi ABŞ-nyň Polisiýa gullugynyň geçiren operasiýasy netijesinde tussag edildi

1991442
ABŞ-da Türk Öýüne hüjüm guran hüjümçi tussag edildi

Türkiyäniň BMG-daky Hemişelik wekilhanasy bilen Nýu-Ýork şäherindäki baş konsullyk binasynyň ýerleşýän Türk Öýi binasyna geçen hepde hüjüm guralypdy.

Türk resmiler başladan derňew işiniň çäginde hüjümçiniň şahsyýetini anyklady. 

Hüjümçiniň geçen ýyl Türkiyeden çykan we adama şikes ýetirmek, hemle atmak we neşe serişdelerini saklamak ýaly aýyplamalary bolan Rejep Akbyýykdygy anyklandy. 

Türk resmiler maglumatlary Nýu-Ýork şäheriniň Polisiýa gullugyna berdi. Hüjümçi Rejep Akbyýyk Polisiýa gullugynyň geçiren operasiýasy netijesinde saklandy. 



Degişli Habarlar