Daşary ýurtlarda ses bermek işleri tamamlandy
Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin gümrük geçelgelerinde ses bermek işleri 28-nji maý Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-a çenli dowam eder

Türkiyede Prezident saýlawynyň 28-nji maýda geçiriljek 2-nji tapgyr ses berilşigi üçin daşary ýurtda saýlaw sanawynda hasaba alynan saýlawçylardan ses berenleriň sany 1 million 889 müň 398 adama ýetdi.
Prezident saýlawy üçin daşary ýurtlardaky ses bermek işleri ABŞ-dan daşary beýleki ýurtlarda tamamlandy.
Saýlawçylar daşary ýurtlardaky wekilhanalarda we gümrüklerde 20-nji maýdan başlap ses bermäge başladylar.
Daşary ýurtlardaky raýatlaryň saýlawa bolan gatnaşygy düýn soňky gün has hem artdy.
Türkiyäniň wagty bilen sagat 23:00-a çenli daşary ýurtlardaky wekilhanalarda we gümrüklerde ses berenleriň sany 1 million 889 müň 398 adama ýetdi.
Saýlawyň ilkinji tapgyry üçin 1 million 681 müň 287-si daşary ýurtlardaky wekilhanalarda, 148 müň 183-i gümrük geçelgelerinde bolmak bilen daşary ýurt saýlaw sanawynda hasaba duran 1 million 839 müň 470 saýlawçy ses beripdi.
Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin gümrük geçelgelerinde ses bermek işleri 28-nji maý Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-a çenli dowam eder.