“Siriýalylaryň Howpsuz Ýagdaýda Ýurtlaryna Dolanmaklary Üçin Tagalla Edýäris”

Erdogan, TRT tarapyndan ýaýlyma berlen gepleşikde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda maglumat berdi.

1989530
“Siriýalylaryň Howpsuz Ýagdaýda Ýurtlaryna Dolanmaklary Üçin Tagalla Edýäris”

Prezident R. T. Erdogan, TRT tarapyndan ýaýlyma berlen gepleşikde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda maglumat berdi.

Erdogan, ýurtlaryndaky içerki uruşdan gaçyp Türkiýä gelen siriýalylaryň howpsuz ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaklary üçin tagalla edýändiklerini nygtady.

Siriýalylaryň meýletin we howpsuz ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaklary üçin Siriýanyň demirgazygynda briket jaýlary gurandyklaryny, häzire çenli 560 müň siriýalynyň ýurtlaryna dolanandygyny ýatladan Erdogan, “1 million bosgunyň ýurtlaryna dolanmaklary üçin tagalla edilýär. Siriýalylaryň howpsuz ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaklary üçin degişli çäreleri göreris” diýdi.

Serhetleriň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendigini aýdan Erdogan, “Türkiýaniň serhetlerinde arkaýyn bolarlar” diýdi.

Siriýanyň demirgazygyndaky türk esgerleriniň öz işini dowam etdirjekdigini aýdan Erdogan, “Siriýanyň demirgazygyndan esgerler yzyna çekilen halatynda göç edişlikler has-da artar”diýip belledi.

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy göreşiň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigine ünsi çeken Prezident Erdogan “PKK we onuň ýaranlaryna garşy göreşimiz ýurduň içinde we daşynda egilşiksiz dowam eder. Hinlerini derbi dagyn edýäris we ederis” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar