Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi 2 Aý Uzadyldy

Erdogan, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň ýene-de 2 aý uzadylandygyny aýtdy.

1987850
Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi 2 Aý Uzadyldy

Prezident R. T. Erdogan, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň ýene-de 2 aý uzadylandygyny aýtdy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan, paýtagt Ankarada partiýanyň merkezi jaýynda metbugata beýannama berdi.

Erdogan, “Türkiýäniň öňbaşçylygynda, Russiýanyň we Ukrainanyň oňyn tutumy, BMG-nyň tagallasy netijesinde 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda Stambulda gazanylan ylalaşygyň möhledi ozal birnäçe gezek uzadylypdy. Ylalaşygyň möhledinin gutarmagyna sanlyja gün galypdy. Ýurdumyzyň eden tagallasy, rus dostlarymyzyň goldawy we ukrainaly dostlarymyzyň goşandygy bilen Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň ýene-de 2 aý uzadylmagy barada karar kabul edildi” diýdi.

Prezident Erdogan, “Halkara azyk üpjünçiliginiň yzygiderli dowam etdirilmegi, dünýä ýurtlaryna gallanyň ýetirilmegi taýdan uly rol oýnaýan bu kararyň ähli taraplara düşümli bolmagyny dileýärin. Ylalaşygyň şertleriniň doly ýerine ýetirilmegi we mundan soňky etapda hem dowam etdirilmegi üçin tagalla etmäge dowam ederis. Rus dostlarymyz mundan başgada Nikolaýew we Olwiýa portlaryndaky türk gämileriniň çykmagyna rugsta berýändiklerini mälim etdi we bu meselede olara sagbolsun aýdýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar