Terror Guramasy PKK-a we Ýaranlaryna Garşy Göreşimiz Soňky Terrorçy Ýok Edilýänçä Dowam Eder”

Erdogan, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy alyp barylýan operasiýada bolan çaknyşykda şehit bolan 3 esgere Alladan rehnet, ýaralananalra gyssagly şypda diledi.

1987353
Terror Guramasy PKK-a we Ýaranlaryna Garşy Göreşimiz Soňky Terrorçy Ýok Edilýänçä Dowam Eder”
fuat oktay.jpg
erdogan.jpg

 

Prezident R. T. Erdogan, “Ekstremist terror guramasy PKK-a we ýaranlaryna garşy göreşimiz serhetlerimiziň çäginde we daşynda  soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan, sosial mediadan beren habarnamasynda, Şyrnakda Bestler Dereler etrapçasynda, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy alyp barylýan operasiýada bolan çaknyşykda şehit bolan 3 esgere Alladan rehnet, ýaralananalra gyssagly şypda diledi.

Şehitleriň hossarlaryna duýgudaşlyk bildiren Erdogan, “Halkymyza gynanç bildirýärin. Ekstremist terror guramasy PKK-a we ýaranlaryna garşy göreşimiz serhetlerimiziň çäginde we daşynda  soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder”diýip belledi.

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý hem sosial mediadan beren habarnamasynda, “Şyrnakda Bestler Dereler etrapçasynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda şehit bolan gahryman esgerlerimize Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr ýaralanan esgerlerimize gyssagly şypa dileýärin, halkymyza gynanç bildirýärin” diýdi.



Degişli Habarlar