Daşary Ýurtda Ses Beren Saýlawçylaryň Sany 1 Million 751 Müň 365 Adama Ýetdi

Türkiýäniň daşary ýurtlardaki wekilhanalarynda ses bermek işleri şu gün agşama çenli dowam eder.

1984145
Daşary Ýurtda Ses Beren Saýlawçylaryň Sany 1 Million 751 Müň 365 Adama Ýetdi

14-nji maýda geçiriljek prezident we halk deputatlygy saýlawlary üçin Türkiýäniň daşary ýurtlardaki wekilhanalarynda we gümrük geçelgesinde ses beren saýlawçylaryň sany 1 million 751 müň 365 adama ýetdi.

Ýokary saýlaw geňeşinden berlen beýannama görä, daşary ýurtlarda bellige alynan türk raýatlary 27-nji aprelde ses bermäge başlapdy. Şol günden bäri Türkiýäniň daşary ýurtlardaki wekilhanalarynda 1 million 632 müň 994, gümrük geçelgesinde bolsa 118 müň 371 saýlawçy ses berdi.

Türkiýäniň daşary ýurtlardaki wekilhanalarynda ses bermek işleri şu gün agşama çenli dowam eder. Türk raýatlary gümrük geçelgelerinde bolsa Türkiýe wagty bilen sagat 17.00-a çenli ses bermäge dowam eder.



Degişli Habarlar