Daşary Ýurtly Saýlawçylar Ses Bermäge Dowam Edýär

Daşary ýurtlarda bellige alynan saýlawçylaryň 1 million 165 müň 969-y ses berdi

1982891
Daşary Ýurtly Saýlawçylar Ses Bermäge Dowam Edýär

Daşary ýurtlarda bellige alynan saýlawçylaryň 1 million 165 müň 969-y, 14-nji maýda geçiriljek prezident we halk deputatlary saýlawy üçin ses berdi.

Ýokary saýlaw geňeşi tarapyndan berlen beýannamada, daşary ýurtlarda ýaşaýan we bellige alynan saýlawçylaryň 27-nji aprelde ses bermäge başlandygy ýatladyldy

 Şol günden bäri daşary ýurtlarda bellige alynan saýlawçylaryň 1 million 83 müň 684-i Türkiýäniň daşary ýurtlardaki wekilhanalarynda, 82 müň 285-i hem gümrük geçelgelerinde ses berdi.

Daşary ýurtlarda bellige alynan saýlawçylar gümrük geçelgelerinde 14-nji maýa sagat 17.00-a, Türkiýäniň daşary ýurtlardaki wekilhanalarynda bolsa 9-njy maýa çenli ses bermäge dowam eder.

Daşary ýurtlarda jemi 3 million 416 müň 98 saýlawçy ses berer.

 



Degişli Habarlar