Ewakuasiýa Edilen 189 Türk Türkiýä Geldi

THÝ-na degişli uçar 189 ýolagçysy bilen 01.10-da Stambul howa menziline gondy.

1979513
Ewakuasiýa Edilen 189 Türk Türkiýä Geldi

Sudanda harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasynda 15-nji aprelden bäri dowam edýän çaknyşyklar sebäpli ewakuasiýa edilen 189 türk Türkiýä geldi.

Efiopiýanyň paýtagty Addis Ababadan düýn agşamara uçan THÝ-na degişli uçar 189 ýolagçysy bilen 01.10-da Stambul howa menziline gondy.

Sudandan gelen türk raýaty Naji Akgün, ýurda dolanmaklary üçin uly tagalla eden döwlet ýolbaşçylaryna sagbolsun aýtdy.

Najy Akgün, “Şertler agyrdy, ähli ýurtlar raýatlaryny göçürmek isleýärdi. Ýurdumyz elinden geleni etdi. Türkiýä gelen ilkinji topar bolduk. Türkiýäniň Sudandaky we Efiopiýadaky ilçilerine uly minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

Sudandaky çaknyşyklaryň dowam edýändigini aýdan Akgün, “Köçe çaknyşyklary dowam edýär. Alla Sudanlylara kömek etsin” diýip belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar