Gara Deňiz Gazy Gury Ýere Çykaryldy

Prezident Erdogan, Filýosda Türkiýe Nebitleri portunda Gara deňiz gazynyň akdyrylmaga başlanmagy minasybetli geçirlen dabara gatnaşdy.

1977867
Gara Deňiz Gazy Gury Ýere Çykaryldy
erdogan filyos2.jpg
erdogan filyos1.jpg
filyos.jpg
erdogan filyos.jpg

Gara deňizden çykarlýan tebigy gaz, Prezient R. T. Erdoganyň Zolguldak Filýosda geçirlen dabarada ýakan ody bilen gury ýere akdyrylmaga başlandy.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda raýatlaryň Oraza baýramyny gutlady.

“Ikinji baýramymyz, ýurdumyzyň energetika boýunça garaşsyzlygyna tarap barýan ýolda aýgytly ädim bolan Gara deňiz gazynyň akdyrylmagydyr” diýen Erdogan,  taslamanyň 2020-njy ýylyň awgust aýynda Filýosdan 175 kilometr alysda Sakarýa gaz giňişliginde “Fatih” burawlaýyş gämisiniň burawlaýyş işlerine başlamagy bilen başlandygyny ýatlatdy.

Erdogan, “Fatih” burawlaýyş gämisinden soň Kanuny we Ýawuz burawlaýyş gämileriniň hem işe başlamagy netijesinde Gara deňizdäki gaz ätiýajynyň 710 milliard kub metre ýetendigini belledi.

Dünýäniň beýleki ýerlerinde tapylan gazyň ulanylmaga berliş möhleti 6-7 ýyl dowam edýän bolsa özleriniň şol möhledi 3 ýyla çenli azaldandyklaryny gürrüň beren Erdogan: “Tapylan gününden 32 aý soň, şu gün Gara deňiz gazy akdyrylmaga başlanýar. Sakarýa gaz giňişliginden birinji etapda günde 10 million kub metr, açyljak täze guýular bilen soňky etapda bolsa günde 40 million kub metr gaz çykararys” diýdi.

Prezident Erdogan, bu taslama bilen diňe ýurduň tebigy gazda daşary ýurda bolan garaşlylygynyň azaldylmagy bilen çäklenmän, eýsem şol bir wagtda Filýos bilen Zonguldagy sebitiň esasy energetika, tehnologiýa we logistika merkezine öwürendiklerini aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar