Finansal Taýms Türkiýäniň Gara Deňizde Tapylan Gazy Ulanmaga Başlajakdygyny Ýazdy
Britaniýanyň “Finansal Taýms” gazeti Türkiýäniň Gara deňizde tapan tebigy gazyny ulanmaga berjekdigini ýazdy. Habarda Ýewropadaky energiýa ýetmezçiligine hem üns çekilýär.

Gazet Türkiýäniň Gara deňizde ýokary mukdarda tebigy tapmagyndan soň degişli taýýarlyklary görüp, golaýda ony ulanmaga berjekdigini habar berdi.
Desgada öndürilen gazyn bir böleginiň eksport ediljekdigi, Ýewropanyň gaz bazarynyň şol jähtden uly potensiala eýedigi nygtaldy.
Materikdäki köp sanly ýurduň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşinden soň Moskwa goýulan sanksiýalar sebäpli rus gazynyň kesilendigi ýatladylýar.
Gara deňizdäki gaz ätiýajynyň Türkiýäniň pudakdaky importy üçin möhüm goldaw boljakdygyna üns çekilip; “Türkiýe esasy energiýa importçylaryndan biri we sarp edýän gazynyn tas ählisi daşary ýurtlardan gelýär. Ol hem Sakarýa taslamasyny ýurduň energetika pudagy üçin möhüm ähmiýete göterýär. Türkiýäniň nebit, tebigy gaz we beýleki önümleri öz içine alýan energiýa importy geçen ýyl 80 milliard dollara deň boldy.
Sentýabr aýynda ýene-de 7 guýynyň açylmagyndan soň 10 million m3 tebigy gaz öndürilmäge başlanar. Ol, Türkiýäniň geçen ýylky jemi sarp eden gazynyn 7 göterimine deň gelýär. Türkiýe geljekki ýyllarda önümçiligi artdyrmagy meýilleşdirýär. Önümçilik, doly mümkiçilikde bolan halatynda günde 40 million m3-a ýeter” diýilýär.