Türkiýe, Birleşen Arap Emirliklerine Gynanç Bildirdi
Dubaý şäherinde öňňin bir binada bolan ýangynda 16 adam ýogalypdy, 9 adam ýaralanypdy.
1975857

Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde bir binada bolan ýangynda köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirdi.
Daşary işler ministrligi Dubaý şäherinde bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç ýüzlenmesini berdi.
Ýüzlenmede, “BAE-niň Dubaý şäherinde bolan ýangynda köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirýäris. Dost we doganlyk ýurt BAE-niň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris. Ýogalanlara Allaradan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.
BAE-niň Dubaý şäherinde öňňin bir binada bolan ýangynda 16 adam ýogalypdy, 9 adam ýaralanypdy.
Degişli Habarlar

Stambulyň Ilaty 15 Million 701 Müň 602 Adama Ýetdi
Türkiýäniň jemi ilatynyň 18,3 göterimi Stambul şäherinde ýaşaýar.