Mejlisiň Başlygy Şentop Günbatar Frakiýada Saparda Boldy
Şentop, Gresiýa we grek halkyna ýer titremelerinden soň beren goldawlary üçin sag bolsun aýtdy.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Günbatar Frakiýa guran saparynyň çäginde Komotini we Ksanti şäherlerine bardy.
Şentop, Dostluk, deň hukuklyk we parahatçylyk partiýasynyň gurujysy Sadyk Ahmetiň Kahweji gonamçylygyndaky ýadigärligine baryp gördi.
Şentop, ol ýerde eden çykyşynda Sadyk Ahmediň syýasy we hukuky taýdan alyp baran göreşine ünsi çekdi.
Mustafa Şentop “Doktor Sadyk Ahmet Günbatar Frakiýadaky türk doganlarymyzyň deň hukuklyk we demokratiýa göreşiniň simwolydyr” diýdi.
Şentop soň Komotini obasynda agzaçara gatnaşdy.
TBMM-niň başlygy Şentop, saparynyň çäginde Günbatar Frakiýa türk azlygy arkalaşyk geňeşiniň başlygy we Ksantiniň saýlanan müftüsi İbrahim Şerif bilen hem duşuşdy.
Duşuşykda Gresiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçen Şentop, Gresiýa we grek halkyna 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň beren goldawlary üçin sag bolsun aýtdy.
Degişli Habarlar

Hakan Fidan Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fidan bilen Stoltenberg NATO-nyň giňelmek etaby hakynda pikir alyşdy