Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1974154
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä, telefon söhbetdeşliginde Aksa metjidi bilen bagly başdan geçirilen soňky hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Mewlüt Çawuşogly Ysraýylyň hökümediniň remezan aýynyň ahyryna çenli Aksa metjidine musulmanlardan başga hiç kimiň girmegine rugsat berilmezligi baradaky karara dartgynlygyň azaldylmagy taýdan oňyn garaýandyklaryny we Aksa metjidine garşy edilen meçew bermeleriň gaýtalanmazlygynyň gerekdigini beýan etdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiyäniň dartgynlygyň azaldylmagy üçin her dürli goldawy berjekdigini habar berdi. 



Degişli Habarlar