Erdogan: "Tebigy betbagtçylygyň ýaralaryny dolulygyna bejereris" diýdi

Prezident Erdogan ýurduň paýtagty Ankara şäherinde çykyş etdi

1973345
Erdogan: "Tebigy betbagtçylygyň ýaralaryny dolulygyna bejereris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 6-njy fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýertitremeler bilen baglanşykly: "Öňümizdäki döwürde ileri tutýan ugrumyz elbetde 6-njy fewralda bolan ýertitremeleriň weýran eden şäherlerimizi ýaňadandan dikeltmek bolar" diýip nygtady. 

Ýurduň paýtagty Ankara şäherinde çykyş eden Prezident Erdogan: "319 müňi 1 ýylyň içinde eýelerine gowşurylar, jemi 650 müň täze ýaşaýyş jaýyny gurup tebigy betgatçylygyň ýaralaryny dolulygyna bejereris. Türkiye milli töwekgelçilik galkany modeli bilen 81 welaýatymyzytebigy  apatlara çydamly şäherler ýagdaýyna öwüreris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar