Prezident Erdogan Elazyg welaýatynda saparda bolýar

Prezident Erdogan: "Ýertitremeler binalarymyzy ýumuryp biler, janymyzy alyp biler, emma hiç bir zat bizden ynanjymyzy alyp bilmez, Türkiyäniň Asyrynyň gurluşygy bilen bagly tuanýerliligimize päsgel berip bilmez" diýip belledi

1968543
Prezident Erdogan Elazyg welaýatynda saparda bolýar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Elazyg welaýatynda Elazyg Apata çydamly jaýlaryň düýbüni tutmak we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny eýelerine gowşurmak dabarasynda eden çykyşynda, şähere soňky 20 ýylda 79 milliard dollarlyk maýanyň goýulandygyny nygtap: "Şäher hassahanamyzdan bölünen ýollara, suw howdanlaryndan tebigy gaza çenli ähli ugurlar boýunça Elazyg welaýatyna taryhynda ozal görülip-eşidilmedik derejede hyzmatlar berdik" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Ýertitremeler binalarymyzy ýumuryp biler, janymyzy alyp biler. Ykdysady kynçylyklar ýüklerimizi artdyryp biler. Emma hiç bir zat bizden ynanjymyzy, erjelligimizi, umydymyzy alyp bilmez, Türkiyäniň Asyrynyň gurluşygy bilen bagly tuanýerliligimize päsgel berip bilmez" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar