Hulusi Akar: "3 aýda 340 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar soňky 3 aýyda 340 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

1968568
Hulusi Akar: "3 aýda 340 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar 6-njy fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýertitremäniň iň erbet täsir ýetiren welaýatlarynyň biri bolan Hataý welaýatynda beren beýanatynda, terrora garşy alynyp barylýan göreşiň üstünde durup geçip: "Terrora garşy göreş artýan temp bilen, hüjüm ediji ruh bilen, erjellik we tutanýerlilik bilen dowam edýär. 40 ýyl bäri eziz milletimize bela bolan heläkçilikden milletimizi halas etmekde erjeldiris we tutanýerlidiris, onuň hötdesinden geleris. Türk esgerler soňky 3 aýda 340 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Olaryň arkasynda kim bolsa bolsun, isleseler ýarag, dikuçar, ok-däri, pul bersinler, şonda hem terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmekde tutanýerlidiris. Terrorçylar nirede bolsa şol ýer hem biziň nyşanamyzdyr" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar