Prezident Erdogan, Nurdagynda Täze Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşygyna Badalga Berdi

Erdogan, “1,5 aýdan bäri alnyp barylýan işler netijesinde harabalyklaryň ýarysyna golaýyny ortadan aýyrdyk” diýdi.

1968256
Prezident Erdogan, Nurdagynda Täze Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşygyna Badalga Berdi

Prezident R. T. Erdogan, 319 müňi 1 ýylyň dowamynda bolmak bilen jemi 650 müň täze ýaşaýyş jaýyny gurup ýer titremesi zerarly ejir eken raýatlara gowşurjakdyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan, Nurdagynda Gaziantep-Kilis tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berdi.

“Bu ýyl remezan aýyna Nurdagy bilen birlikde 11 welaýatymyzyň birnäçe etrabynda uly ýykylşyga we adam pidalaryna sebäp bolan 6-njy fewralda başdan geçirlen ýer titremeleriniň gynanjy bilen girdik” diýen Erdogan, “1,5 aýdan bäri alnyp barylýan işler netijesinde harabalyklaryň ýarysyna golaýyny ortadan aýyrdyk” diýdi.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy etabyny, ýer titremeleriniň yzy ýanyndan başladandyklaryny nygtan Erdogan “319 müňi 1 ýylyň dowamynda bolmak bilen jemi 650 müň täze ýaşaýyş jaýyny gurup ýer titremesi zerarly ejir eken raýatlara gowşurmagy maksat edinýäris” diýip belledi.

Prezident Erdogan, Türkiýäni Milli howp galkany modeli bilen şäherleri gysga wagtda ýer titremelerine, sillere, tupanlara, ýangynlara we beýleki howplara garşy has çydamly, howpsuz we asuda ýagdaýa getirmekde tutanýerlidiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar