TRT Afrika Sanly Habar Platformasy Ýaýlymlaryna Başlady

TRT Afrika, Gambiýadan Marokko, Nigeriýadan Kameruna çenli Afrikada ýerleşýän onlarça ýurtda iş alyp barar.

1968205
TRT Afrika Sanly Habar Platformasy Ýaýlymlaryna Başlady

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň sanly habar platformasy, “Afrikany bolşy ýaly” tanyşdyrlyp, tomaşajylaryna Afrika hakynda goşmaça maglumat berer we tapawutly dünýä garaýyşlary halka ýetirer.

Sanly habar platformasy, Afrika materigi üçin uly ähmiýete eýe bolan halkara hekaýalary baý we aktuial ýagdaýda, deňagramly maglumatlar bilen tomaşaçylaryna hödürlär.

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT, Afrika materiginde başdan geçirilýän wakalary dünýä halk köpçüligine dört dilde (iňlis, fransuz, suahili we hausa) dillerinde ýetirmek maksady bilen täze sanly habar platformasy bolan TRT Afrikany açdy.

Sanly habar platformasy, TRT bilen Afrika Ýaýlym bileleşiginiň Stambulda geçirlen birinji sammitiniň ikinji güni anna güni ýaýlymlaryna başlady. 30-njy martda öz işine başlan sammit 3 gün dowam eder.

TRT-niň bitarap ýaýlym maksadyna laýyklykda tomaşaçylaryna Afrika hakynda giňişleýin maglumat berjek we tapawutly dünýä garaýyşlary hödürlejek TRT Afrika materik üçin uly ähmiýete eýe bolan halkara hekaýalary baý we aktual ýagdaýda, deňagramly maglumatlar bilen tomaşaçylaryna hödürlär.

Sanly habar platformasy mundan başgada, diasporadaki Afrika we afrikalylaryň başdan geçiren wakalaryny dünýä halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirer.

Materikde ýerleşýän 15 ýurtdan hünärmenleri bolan TRT Afrika sanly habar platformasy, Afrikaly tomaşaçylar üçin uly ähmiýete eýe bolan hekaýalara ýer berip, sosial media arkaly dünýäde başdan geçirilýän möhüm wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýan ýaşlar üçin ýokary hili we ynamdar habar çeşmesi bolmagy maksat edinýär.

 Sanly habar platformasy, özboluşly hekaýalary, Afrikanyň ýerli kynçylyklary hakyndaky ylmy baglarlary we dokumantal filmleri we dünýäniň çar tarapyndaky afrika diasporasy hakyndaky maglumatlary Afrikadaky we dünýäniň çar tarapyndaky tomaşajylaryna ýetirmegi maksat edinýär.

TRT Afrika, Gambiýadan Marokko, Nigeriýadan Kameruna çenli Afrikada ýerleşýän onlarça ýurtda iş alyp barar.

Sanly habar platfortmasy şol bir wagtda Türkiýäniň Afrika ýurtlaryna goldaw berýändigini görkezýär we Afrikanyň sesini dünýä ýurtlaryna ýetirmegi maksat edinýär.

Ýaýlym durmuşyna başlaýan TRT Afrika, TRT World, TRT Arapça, TRT Rusça, TRT Nemesça, TRT Fransuzça we TRT Balkan dillerinden ybarat TRT maşgalasynyň täze agzasy boldy. Şol platformalaryň ählisi, tapawutly sesleri we dünýä garaýyşlary tomaşaçylaryna ýetirýär.

TRT Afrika Sammiti

Şu gün geçirlen TRT Afrikanyň tanyşdyrlyş dabarasynda Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajy we Afrika Ýaýlym bileleşiginiň ýokary derejeli ýolbaşçysy Greguar Ndžaka çykyş etdi.

Sammitiň birinji güni bolan penşenbe güni Afrika Ýaýlym bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli oturluşyklar geçirildi.

Afrikadan 16 ýurtdan gelen 23 žurnaliste “Pandemiýa etabynda medianyň roly” we “Medianyň özgermeginde tehnalogiýanyň goşandy” ýaly birnäçe ugur boýunça tälim berildi.

Sammitiň çäginde “ Döwlet ýaýlym hyzmaty medianyň aýnasynda Afrika-Türkiýe gatnaşyklary: Umumy garaýyş we Gelejegiň kynçylyklary”, “Ösen tehnalogiýalar we täze media asyrynda döwlet ýaýlym hyzmatynyň gelejegi: Afrikanyň we Türkiýäniň döwlet ýaýlym organlary sanly habar platformasyndaky aktuallygy” ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Sammit öz işini “Afrikanyň hekaýalaryny täze garaýyş bilen gürrüň bermek” temaly oturluşyk bilen dowam etdirer.

 



Degişli Habarlar