Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Prezident Erdoganyň Başlyklyk Etmeginde Geçirildi

MHG-nyň jemleýji jarnamasynda, ýer titremesine üns çekildi.

1967862
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Prezident Erdoganyň Başlyklyk Etmeginde Geçirildi

 

Milli Howpuzlyk geňeşiniň mejlisi Prezident R. T. Erdoganyň başlyklyk etmeginde Prezidentiň Kompleksinde geçirildi.

MHG-nyň jemleýji jarnamasynda, ýer titremesine üns çekildi.

 Jarnamada, 6-njy fewraldaky ýer titremelerinden soň ýüze çykan ýagdaýyň seljerlip, sebitdäki ýaşaýyş şertleriniň gysga möhletde kadalaşdyrylmagynyň ähmiýeti üçin görlen çäreleriň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

PKK/KJK-PÝD/ÝPG, FETÖ we DAEŞ ýaly terror guramalarynyň başda durmagynda, milli jebislige we bitewilige wehim salýan ähli howplara garşy ýurduň içinde we daşynda, üstünlikli ýagdaýda we egilşiksiz dowam edýän operasiýalar hakynda maglumat berildi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän söweşiň sebitde ýerleşýän beýleki ýurtlaryň durnuklylygyna we Gara deňiziň howpsuzlyga ýetirýän täsirleri seljerildi. Jarnamada, yzygiderli parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalaryň dowam etdiriljekdigi bellenildi.

Türkiýäniň, Balkan ýurtlary bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigi, parahatçylygyň we durnuklylygyň goralmagy syýasatynyň çäginde, sebitdäki meselelere öz täsirini ýetirip biljek wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygy nygtaldy. Jarnamada Türkiýäniň Balkan ýurtlarynyň arasyndaky düşnüşmezligiň ortadan aýrylmagy üçin edilýän ähli tagallara goldaw berýändigi ýatladyldy.

Jarnamada Gresiýa bilen soňky döwürde başdan geçirilýän oňyn wakalaryň dowam etdirilmeginiň, iki ýurt hem-de sebit üçin peýdaly boljakdygy bellenilip, Egeý deňizinde we Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanylýandygyna üns çekildi.

MHG-nyň jemleýji jarnamasynda 14-nji maýda ýekşenbe güni prezident we halk deputatlary saýlawlarynyň asuda we durnukly ýagdaýda geçilmegi üçin görlen degişli çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar