Erdogan 30-njy Mart Halkara 0 Zyňyndy Güni Mynasybetli Gutlag Ýüzlenmesini Berdi

Prezident R.T.Erdogan BMG tarapyndan yglan edilen “30-njy mart Halkara 0 zyňyndy gününi” gutlady

1968048
Erdogan 30-njy Mart Halkara 0 Zyňyndy Güni Mynasybetli Gutlag Ýüzlenmesini Berdi

Erdogan sosial hasabyndan beren habarnamasynda; “Alyp baran işlerimiziň netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara 0 zyňyndy gününi gutlaýaryn. Hormatly malgalam Emine Erdogan hanymyň öňbaşçylygynda dowam etdirilýän, şu günki günde dünýä markasyna öwrülen “0 zyňyndy hereketi” ýoluny ygrarly dowam etdirer” diýdi.

Prezident Erdogan 2017-nji ýylda başladylan we bütin dünýäde ýaýbaňlanan “0 zyňyndy hereketi” hakyndaky maglumatlary paýlaşdy.

Şuňa laýyklykda hereketiň başlan gününden bäri 19 million adama 0 zyňynda hakynda okuw-seminarlary berildi, 572 million m3 suw tygşatlandy, 180 müň tonna deňiz zir-zibili ýygnaldy.

Plastiki gaplaryň ulanylmagy 62,5 göterim azalan bolsa, 31,5 müň tonna parnik gazy zyňylymynyň öňi alyndy, 164 müň bina we ilatly ýer 0 zyňyndy dolanşyk ulgamyna geçirildi.

“0 zyňyndy hereketi” bilen 62,2 milliard liralyk ykdysady girdeji alyndy.

2002-nji ýylda  1 göterime deň bolan gaýtadan işlenme mukdary 2022-nji ýylda 27 göterime deň boldy.

 



Degişli Habarlar