TOGG-yň ilkinji eýeleri şu gün kesgitlener
Türkiyäniň ilkinji döwrebap ulagy TOGG T10X üçin deslapky sargytlaryň eýelerini kesgitlejek sanly bije, şu gün notarisuň gözegçiliginde çekiler

Deslapky sargyt döwründe yzly-yzyna rekord goýan TOGG üçin ünsler bolsa indi çekiljek bije tapgyrynda.
TOGG tarapyndan berilen beýanata görä, T10X üçin deslapky sargyt tapgyrynda deslapky töleg ulgamy ýapyldy.
16-27-nji mart aralygynda Trumore gollanmasyndan we TOGG-yň saýtynyň üsti deslapky sargyt tapgyryna gatnaşan 177 müň 467 adam, şu gün notariusyň gözegçiliginde geçiriljek sanly bije çekilşine gatnaşmaga hukuk gazandy.
Şu ýyl gowşuryljak 20 müň ulag üçin geçiriljek TOGG-yň Uly utuşy, şu gün agşam Türkiyäniň wagty bilen sagat 21:00-da TRT Habar kanalynda görkeziler. Çäre TOGG-yň sosial media hasaplaryndan hem göni efir arkaly görkeziler.
Şoňa laýyklykda şeýle hem bijede utjak 20 müň adam bilen birlikde 20 müň adamlyk goşmaça sanaw düzüler.