Mewlüt Çawuşogly gwineýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Mewlüt Çawuşogly gwineýaly kärdeşi Morrisanda Kouýate minnetdarlyk bildirdi

1966063
Mewlüt Çawuşogly gwineýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gwineýanyň Daşary işler, Halkara hyzmatdaşlyk, Afrika integrasiýasy we Daşary ýurtlardaky gwineýalylar ministri Morrisanda Kouýate bilen paýtagt Ankara şäherinde duşuşyk geçirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Gwineýanyň halkynyň we döwletiniň 6-nji fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň raýdaşlyk bildirmek maksady bilen Türkiyä sapar guran gwineýaly kärdeşi Kouýata minnetdarlyk bildirendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar