Prezident Erdogan ýertitremede ejir çeken adamlar bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 1 ýylyň içinde 650 müň ýaşaýyş jaýyny gurup, ýertitremäniň başdan geçirilen sebiti gaýtadan dikeltmegi maksat edinýändiklerini aýtdy

1965288
Prezident Erdogan ýertitremede ejir çeken adamlar bilen duşuşyk geçirdi
erdogan depremzedeler iftar bulusmasi.jpg
erdogan depremzedeler iftar bulusmasi.jpg
erdogan depremzedeler iftar bulusmasi.jpg

Prezident Erdogan Stambul şäheriniň Büýükçekmeje etrabynda ýertitremede ejir çeken adamlar bilen duşuşyk geçirdi.

Prezident Erdogan 6-njy fewralda 11 welaýatda 14 million adama gönüden täsir ýetiren güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýertitremelerde, döwletiň ähli guramadyr-edaralaryny, mümkinçiliklerini ýertitremäniň başdan geçirilen sebit üçin mobilizländiklerini habar berdi. 

Milletiň hem raýat jemgyýetçilik guramalary we şahsy inisiatiwalary bilen ilkinji günden başlap ýertitremede ejir çeken adamlaryň ýanynda bolandyklaryna ünsleri çeken Prezdident Erdogan: "Dostlukly we doganlyk ýurtlar başda bolmak bilen halkara kömekleri hem asla ýatdan çykarmarys" diýip belledi. 

"Maksadymyz 1 ýylyň dowamynda infrastrukturasy bilen, ähli jemgyýetçilik we söwda bölümleri bilen 319 müň ýaşaýyş jaý, jemi hem 650 müň jaý gurup ýertitremäniň başdan geçirilen sebiti dikeltmekdir" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Ýerinde üýtgediljek ýerleri hem taryhy we medeni gurluşlaryna laýyklykda berk we ygtybarly gurluşlar bilen şäherlerimize goşarys" diýip belledi. 

Prezident Erdogan Remezan mynasybetli sapar guran şäherlerde hemişelik ýaşaýyş jaýlaryň düýbüni tutmak dabaralaryny geçirendiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan hemişelik ýaşaýyş jaýlaryň gurulmaga başlamagy bilen şol şäherleriň öňünde täze bir döwüriň başlajakdygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar