Hulusi Akar, Daniýada Gurahana we Türkiýäniň Baýdagyna Guralan Hüjümi Ýazgardy
Hulusi Akar, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Daniýada Gurhana we Türkiýäniň baýdagyna guralan hüjümi ýazgardy.
Hulusi Akar, Hataýda gümrük geçelgesinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdy
Daniýada Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde Gurhana we Türkiýäniň baýdaýyna guralan hüjüm hakynda durup geçen Akar, “Wakany berk ýazgarýarys. Bu aksiýa söz azatlygy bilen beýan edilip bilinmez. Bu meselede söz azatly hakynda gürrüň edýänler gaty ýalňyşýar” diýdy
Milli Goranmak ministri Akar, şuna meňzeş meçew beriji herketlere rugsat berilmeginiň ýigrenç jenaýatyna şärik bolmak manysyny aňladýandygyny nygtady.
Hulusi Akar “NATO agza hyzmatdaşlarymyzdan ýada agzalyga dalaşgärlerden bu meselelerde has ünsli çemeleşmekleriny wakanyň jogapkärleri hakynda kazyýet işiniň gozgalmagyny we degişli çäreleriň görülmegini isleýärin” diýdy
Degişli Habarlar

Ministrler Kabinetiniň Täze Düzümi…
Erdogan, Çankaýa köşgünde Ministrler kabinetiniň täze düzümini yglan etdi.