Ýokary Saýlaw Geňeşi Erdoganyň we Kylyçdaroglunyň ýüz tutmalaryny kabul etdi

Jemhur arkalaşygynyň Prezident dalaşgäri Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Millet arkalaşygynyň dalaşgäri Kemal Kylyçdaroglunyň dalaşgärlik ýüz tutmalary kabul edildi

1965110
Ýokary Saýlaw Geňeşi Erdoganyň we Kylyçdaroglunyň ýüz tutmalaryny kabul etdi

Ýokary Saýlaw Geňeşi tarapyndan berilen beýanatda, Prezident saýlawy we 28-nji döwür deputat saýlawlarynda durmuşa geçiriljek Saýlaw senenamasyna görä, 2023-nji ýylyň 19-njy martynda ýekşenbe güni başlap, 2023-nji ýylyň 23-nji martynda penşenbe güni sagat 17:00-a çenli syýasy partiýalar tarapyndan Ýokary Saýlaw Geňeşine berilen ýüz tutmalaryň gözden geçirilendigi habar berildi. 

Şonuň netijesinde Adalat we ösüş partiýasy we Milletçi Hereket partiýasy toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň we Respbublikan Halk partiýasy bilen Gowy partiýa tarapyndan daşagärlige hödürlenen Respublikan Halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglunyň, beren ýüz tutmalarynda hiç hili kemçiligiň bolmandygy, dalaşgärlik ýüz tutmasynyň kabul edilendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar