Akar: "Terrorçylara dikuçar berseler hem peýdasyz" diýdi
Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, terrorçylara dikuçar berseler hem, olaryň peýdasyz tagallardygyny her kim tarapyndan göz ýetirilmeginiň gerekdigini habar berdi

Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabyna baran Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň milletiň asudalygy we howpsuzlygy üçin terrora garşy göreşini hem ýurduň öz içinde hem-de daşary ýurtda erjellik we tutanýerlilik bilen üstünlikli ýagdaýda dowam etdirýändigini mälim etdi.
Terrora garşy göreşiň iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli dowam etjekdigini aýdan Milli Goranmak ministri Hulusi Akar: "Terrorçylaryň adalada boýun bolmakdan başga ýollary ýok. Ony bilmelidirler. Mundan başgada terrorçylara dikuçar berseler hem, olary goldamaga dowam etseler hem olaryň peýdasyz tagallardygyny, şol guramadan netije alynmajakdygyny her kim tarapyndan göz ýetirilmegini isleýärin, şol hereketlerinden ýüz öwürmeklerine garaşýarys. Eýýäm 40 ýyl bäri ýurdumyza howp ýetirýän terror guramasyny ýok etmekde erjeldigimizi we tutanýerlidigimizi her kim bilmelidir. Nesip bolsa eziz milletimizi terror belasyndan azat ederis" diýip beýan etdi.
Yragyň demirgazygynda Türkiye serhedine 60 km uzaklykdaky Duhok şäherinde syrly ýagdaýda dikuçar heläkçiligi başdan geçirilipdi. Eýesi näbelli bolan şol dikuçar, näbelli sebäplere görä ýere gaçypdy. Wakada aralarynda zenanlar hem bolan jemi 7 adam ýogalypdy.
Demirgazyk Yrak Kürt awtonomiýasynyň dolanşygy "Dohok şäherinde ýere gaçan dikuçaryň düzüminde terror guramasy PKK-nyň agzalary bardy" diýip habar beripdi.
Degişli Habarlar

Erdogan Bilen Baýden Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirer
Erdogan birnäçe ýurduň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer