Türkiýäniň Terrorizme Garşy Göreşi Dowam Eder
Bu barasynda Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Baş ilçi Sedat Önal beýan etdi.

Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Baş ilçi Sedat Önal Siriýanyň territorial witewiligine bolan sarpasyny dowam etdirýän Türkiýäniň PKK/ÝPG we DEAŞ ýaly terror guramalarynyň ekstremist pällerini puja çykarmakda ygrarlydygyny aýtdy.
Önal BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde geçirilen Siriýa temaly maslaghatda çykyş etdi.
Siriýada çaknyşyklaryň 13 ýyldan bäri dowam edýändigine ünsi çeken Önal, Siriýanyň halkynyn söweşiň we ýurdundan aýra düşmegiň getiren ýitgilerini çekmäge dowam edýändigini aýtdy.
Önal, 6-njy fewraldaky ýer titremelerden ozal hem Siriýadaky gumanitar şertleriň agyrdygyna ünsi çekip; “Ýer titremeler onsuz hem durnuksyz bolan şertleri agyrlaşdyryp, gumanitar zerurlyklaryň ähmiýetini artdyrdy. Ol, BMG-niň serhetaşa ýardamlarynyň dowam etmegini möhüm ýagdaýa getirdi” diýdi.
Siriýada dowam edýän çökgünlige ünssiz galynmaly däldigini nygtan Önal, syýasy tapgyryň gaýtadal dikeldilmelidigini beýan etdi.
Immigrantlaryň howpsuz, meýletin we buýsançly dolanmaklary üçin amatly şertleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtan Önal; “Ol, ähli halkara jemgyýetçiliginiň umumy borjudyr” diýdi.
Ilçi Önal; “Siriýanyň territorial witewiligine bolan sarpasyny dowam etdirýän Türkiýe PKK/ÝPG we DEAŞ ýaly terror guramalarynyň ekstremist pällerini puja çykarmakda ygrarly” diýdi.
Degişli Habarlar

Erdogan Bilen Baýden Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirer
Erdogan birnäçe ýurduň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer