Kommunikasiýalar edarasy "Asyryň raýdaşlygy" kampaniýasyny başlatdy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy 6-njy fewralda başdan geçirilen güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremelerden soň, bildirilýän raýdaşlyga ünsleri çekmek maksady bilen "Asyryň raýdaşlygy" kampaniýasyny başlatdy

1964192
Kommunikasiýalar edarasy "Asyryň raýdaşlygy" kampaniýasyny başlatdy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, "Bilelikde Türkiyediris" şygary bilen başladylan kampaniýada, ýertitremede ejir çeken adamlara kömek bermek maksady bilen edilýän tagallalara we ýerine ýetirilýän işlere ünsler çekilýär, Asyryň Betbagtçylygyna garşy döwletiň we milletiň bilelikde orta goýan raýdaşlygynyň ähmiýeti nygtalyp geçilýär. 

Kampaniýanyň çäginde çap edilen jemgyýetçilik hyzmaty mahabatynda hem ýertitremäniň ululygy, gözleg we halas ediş işleri, ýardam işleri, döwletiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we meýletinleriň raýdaşlygy ýaly maglumatlar paýlaşyldy. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, kampaniýa bilen bagly beren beýanatynda, 6-njy fewralda başdan geçirilen we 14 million adama täsir ýetiren güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýertitremeleriniň uly weýrançylyga we gam-gussa sebäp bolandygyny habar berdi. 

Asyryň Betbagtçylygynyň ilkinji günlerinden başlap döwletiň we milletiň jebis bolup hereket edendigini aýdan Fahrettin Altun: "Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda ähli guramadyr-edaralar gözleg we halas ediş işleri we ynsanperwer kömek üçin sebitde jebisleşdi. Ýertitreme sebitindäki doganlarymyzyň taryp edip bolmajak gam-gussalaryny azaltmak, ýaralaryny bejermek we betbagtçylygyň elhenç netijelerine garşy mertlik we tutanýerlilik bilen göreş alyp barmak maksady bilen döwletimiz we milletimiz bütin dünýä mysal boljak Asyryň raýdaşlygyny görkezdi. Orta goýulan şol raýdaşlyk ruhuny has hem güýçlendireris. Türkiyäniň bu gam-gussaly günlerinden geçmek, ýaralaryny bejermek, raýatarymyzy iň gysga wagtda täze ýaşaýyş ýerlerine gowuşmagyny üpjün etmek, sebiti ýaňadandan dikeltmek we gurmak üçin biz hem ähli güýjümiz bilen gije-gündiz diýmän arman-ýadamdan zähmet çekeris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar