Hakkari welaýatynda PKK-a degişli köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy
Gaçybatalgada PKK/KJK terror guramasyna degişli köp mukdarda ýarag, ok-däri we enjam tapyldy
1964145

Türkiyäniň Hakkari welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy dowam edýän "Eren Gabaw Güýz-Gyş-5 Şehit operasiýasynyň" çäginde köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy.
Türkiyäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, operasiýanyň çäginde Kawakly obasynyň çäginde amala aşyrylan gözleg we saplaýyş işlerinde esasy ýarag ammary hökmünde ulanylan gaçybatalga anyklandy.
Gaçybatalgada PKK/KJK terror guramasyna degişli köp mukdarda ýarag, ok-däri we enjam tapyldy.
Ady agzalanlar we gaçybatalga ulanyp bolmajak ýagdaýa getirildi.
Degişli Habarlar

Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Badahşan welaýatynda 11 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi ýazgaryldy.