Akar Şoýgu Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Milli goranmak ministri Hulusi Akar Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi.

1963795
Akar Şoýgu Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Ministrlikden berilen beýannama görä telefon gepleşiginde Ukraina we galla eksporety bilen Siriýanyň demirgazygy bilen bagly meseleler hakynda pikir alyşyldy.

Telefon gepleşiginde global azyk ýetmezçiliginiň çözülmegine uly goşant goşýan galla başlangyjynyň möhletiniň  uzaldylmagyndaky hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildiren Akar, galla eksportunyň üznüksiz dowam etmeginiň ähmiýetini nygtady.

Ministr Akar Türkiýäniň sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy we ynsanperwer kömek meselelerinde şu günki güne çenli bolşy ýaly, mundan beýläk hem öz borjuny berjaý etjekdigini beýan etdi.

Siriýanyň demirgazygy bilen bagly meselä üns çeken Akar, Türkiýäniň ýeke-täk maksadynyn serhetleriň we raýatlaryň howpsuzlygy bilen pajygalaryň öňüni almak üçin terrorizme garşy göreşmekden ybaratdygyny aýtdy.

Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň öňbaşçylygynda başlan gepleşikleriň sebitde we Siriýada parahatçylyga hem-de durnuklyga barýan ýolda uly goşantlarynyň boljakdygyna ünsi çeken Akar, onuň dowam etmeginiň iňňän möhümdigini nygtady.

Milli goranmak ministri Hulusi Akar, aýratynam 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremeden soň Russiýanyň Federasiýasynyň goldawy hem-de eden arkalaşygyna sagbolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar