Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 50 Müň 96 Adama Ýetdi
Sezer, ýer titremelerinde ýaralananlaryň sanynyň bolsa 107 müň 204 adama ýetendigini belledi.
1962430

Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 50 müň 96 adama ýetdi.
Kahramanmaraşyň Pazarjyk we Elbistan etraplarynda 6-njy fewralda bolan we “asyryň apaty” hökmünde häsiýetlendirlen 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeleridne ýogalanlaryň sany artýar.
AFAD-yň başlygy Ýunus Sezer 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sanynyň 50 müň 96 adama ýetendigini mälim etdi.
Sezer, ýer titremelerinde ýaralananlaryň sanynyň bolsa 107 müň 204 adama ýetendigini belledi.
Degişli Habarlar

Hakan Fidan Al Meşri Bilen Duşuşdy
Duşuşykda Liwiýanyň howpsuzlygy we durnuklylygy meselesi seljerildi