Şanlyurfa we Adyýaman welaýatlarynda bolan sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Şanlyurfa we Adyýaman welaýatlarynda 15-nji martda bolan sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 19 adama ýetdi
1962284

Sil apaty sebäpli 2 adamyň ýogalan Adyýaman welaýatynda, sil suwy şeýle hem 2 adamy alyp gidipdi.
Dereksiz ýiten eje we gyzyny tapmak üçin eýýäm birnäçe gün bäri gözleg we halas ediş işleri dowam etdirilýärdi.
Gözleg işleriniň netijesinde ejäniň jesedi tapylan hem bolsa, 1,5 ýaşyndaky Zeýnep bolsa entegem tapylmady.
16 adamyň ýogalan Şanlyurfa welaýatynda hem sil suwunyň alyp giden ýük ulagynyň sürüjisiniň gözleg işleri dowam edýär.
Suwa girijileriň gözleg işlerine tehniki enjamlar hem kömek berýär.
Sil apatynyň täsir ýetiren sebitde jemi 7 müň 585 işgär we 1 müň 485 ulag iş alyp barýar.
Degişli Habarlar

Daşary Işler Ministri Hakan Fidana Gutlag Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär
Fidan, Borrel we Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.