Ýer Titremelerinde 49 Müň 589 Adam Ýogaldy
Fuat Oktaý, “Ýer titremeleri sebäpli 6 müň 807-si daşary ýurtly bolmak bilen 49 müň 589 raýatymyz ýogaldy” diýdi.

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 49 müň 589 adama ýetdi.
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, AFAD-yň utgaşyklyk merkezinde ýer titremelerinden soň alnyp barylýan işler hakynda maglumat berdi.
Fuat Oktaý, “Ýer titremeleri sebäpli 6 müň 807-si daşary ýurtly bolmak bilen 49 müň 589 raýatymyz ýogaldy” diýdi.
Ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerinde çadyr we konteýner şäherçeleriniň gurulýandygyny aýdan Oktaý, “Gurulan çadyrlara 1 million 921 müň raýatymyz, konteýnerlere hem 96 müň 444 raýatymyz ornaşdyryldy” diýip belledi.
Adyýamanda we Şanlyurfada başdan geçirlen sil apaty barada durup geçen Oktaý, apatda 18 adamyň ýogalandygyny, ýiten 3 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändini ýatlatdy.
Degişli Habarlar

Emine Erdogan BMG-nyň çakylygyna laýyklykda Nýu-Ýorka gider
BMG-nyň Baş Assambleýasy şol karar bilen 30-njy marty Halkara Nol galyndy güni hökmünde yglan etdi

Hakkari welaýatynda PKK-a degişli köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy
Gaçybatalgada PKK/KJK terror guramasyna degişli köp mukdarda ýarag, ok-däri we enjam tapyldy