Terrorçy Mehmet Ýyldyrym Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
“Hamza Kobani lakamly Mehmet Ýyldyrym, Siriýada geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli Howpsuzlyk gullugy, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň, Halapdan we Tel Ryfatdan jogapkär maliýe ýolbaşçysydygy aýdylýan “Hamza Kobani lakamly Mehmet Ýyldyrymy, Siriýada geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Howpsuzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, Halabyň Şyh Maksud etrabynda geçirlen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçy Ýyldyrymyň, PKK-nyň hataryna 1986-njy ýylda goşulandygy anyklandy.
Mehmet Ýyldyrymyň, Türkiýede we Yrakda terrorçylykly aksiýalara gatnaşadan soň 2015-nji ýylda Siriýa geçendigi we PKK/ÝPG-nyň maliýe jogapkärçiligini öz üstüne alandygy anyklandy.
Degişli Habarlar

Emine Erdogan BMG-nyň çakylygyna laýyklykda Nýu-Ýorka gider
BMG-nyň Baş Assambleýasy şol karar bilen 30-njy marty Halkara Nol galyndy güni hökmünde yglan etdi

Hakkari welaýatynda PKK-a degişli köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy
Gaçybatalgada PKK/KJK terror guramasyna degişli köp mukdarda ýarag, ok-däri we enjam tapyldy