Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi Uzadyldy
Erdogan, Galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylandygyny aýtdy.

Prezident R. Erdogan, Galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylandygyny aýtdy.
Prezident Erdogan, 18-nji mart Şehitleri hatyralama we Çanakgala deňiz ýeňişiniň 108 ýyllygy mynasibetli Çanakgalada geçirlen dabarada çykyş etdi.
Çykyşynda Türkiýäniň BMG bilen birlikde 22-nji iýulda Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşynyň gazanylmagynda uly rol oýnandygyny aýdan Erdogan “Mälim bolşy ýaly Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýesir çalşygy bilen birlikde söweşden soň gazanylan esasy ylalaşyklardan biri bolan Galla geçelgesi ylalagynyň möhledi şu gün gutarýar. Russiýa we Ukraina bilen geçirlen gepleşikler netijesinde ylalaşygyň möhledi uzadyldy” diýip belledi.
Erdogan Gara deňiz galla geçelgesi arkaly şu günki güne çenli 800-den gowrak gämi bilen 25 million tonna gallanyň dünýä bazarlaryna ýetirlendigine ünsi çekdi.
Prezident Erdogan ylalaşygynyň möhlediniň ýene-e bir gezek uzadylmagy üçün uly tagalla eden Russiýa bilen Ukraina we BMG-nyň Baş sekretaryna sagbolsun aýtdy.
Galla geçelgesi ylalaşygyna Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň we BMG-nyň arasynda 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda gol çekişilipdi.
Degişli Habarlar

Emine Erdogan BMG-nyň çakylygyna laýyklykda Nýu-Ýorka gider
BMG-nyň Baş Assambleýasy şol karar bilen 30-njy marty Halkara Nol galyndy güni hökmünde yglan etdi

Hakkari welaýatynda PKK-a degişli köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy
Gaçybatalgada PKK/KJK terror guramasyna degişli köp mukdarda ýarag, ok-däri we enjam tapyldy