Şu gün 18-nji mart Şehitleri hatyralama güni we Dardanel deňiz ýeňişiniň 108-nji ýyly
Şu gün 18-nji mart Şehitleri hatyralama güni we Dardanel deňiz ýeňişiniň 108-nji ýyly bellenilip geçilýär




18-nji mart Şehitleri hatyralama güni we Dardanel deňiz ýeňişiniň 108-nji ýyly mynasybetli Çanakgaladaky hatyralama çäresiniň ilkinjisi Respublika meýdançasynda geçirildi.
Dabara Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň "Çanakgala Geçilmez" diýip ýazylan Türkiyäniň baýdagynyň galdyrylmagy bilen başlady.
Hormatly dymyşlykdan soň Milli senanyň ýerine ýetirilen dabarada Dardanel bogazynda duran TJG Salihreis fregat gämisindäki toplardan 21 gezek od açyldy.
Dabara Awstraliýanyň Çanakgaladaky konsuly Garri Holl, Täze Zelandiýanyň Ankara şäherindäki ilçiniň geňeşçisi Nikol Slaýt bilen syýasy partiýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Dabara mynasybetli Şehitler ýadygärliginde we Seddülbahir galasynda iki aýry hatyralama çäresi geçiriler. Çärä Prezident Erdogan hem gatnaşar.
I Jahan urşunda alýans döwletleriň hatarynda Germaniýanyň ýanynda söweşe giren Osmanly Döwleti, Dardanel bogazynda millet hökmünde barlygy üçin göreşdi.
Türk taryhynyň öwrülişik nokadynyň biri bolan Çanakgala söweşi 1915-nji ýylyň 15-nji fewralynda Dardanel bogazyndaky söweş bilen başlady. Ondan soň gury ýerde Seddülbahir, Aryburnu we Anafartalar frontynda dowam etdi.
325 gün dowam eden Çanakgala söweşi 1916-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Türk goşunynyň ýeňişi bilen netijelendi.
Çanakgalada 1915-nji ýylyň 18-nji martynda gazanylan deňiz ýeňişi, Türkiyäniň geljegi taýdan öwrülişik nokady boldy, Çanakgalanyň geçilip bilinmejekdigini subut etdi.