Prezident Erdogan finlýandiýaly žurnaliste aýakgap sowgat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýonyň Türkiyä guran saparyna ýoldaşlyk eden we paýtagt Ankara şäherinde ýagan ýagyşda çyglanan finlýandiýaly žurnaliste aýakgap sowgat berdi

1961676
Prezident Erdogan finlýandiýaly žurnaliste aýakgap sowgat berdi

Prezident Erdogan Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýony düýn Beştepede resmi dabara bilen garşylady. 

Ankarada täsirli bolan ýagyş, dabara geçirilýän mahaly hem dowam etdi. Garşylama dabarasyna gatnaşan žurnalistler hem ýagyşyň aşagynda galdylar. 

Dabarada aýakgaby çyglanan finlýandiýaly žurnalistleriň biri Prezident Erdoganyň ünsüni özüne çekdi. 

Prezident Erdogan Prezidentiň Şahsy kätipler bölüminiň müdüri Hasan Dogana žurnaliste aýakgap sowgat berilmegini isledi. 

Prezident Erdogan dabaradan soň žurnalisti ýaňadandan gördi. Hasan Dogandan žurnalistiň aýakgabynyň belgisiniň alynyp alynmandygyny sorady. 

Prezident Erdogan Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýa: "Aýakgaplary getirýäris, olary täzelemelidiris" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar