Mewlüt Çawuşogly Müsürde saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Müsür bilen diplomatik gatnaşyklaryň iň gysga wagtda ýokary derejä çykaryljakdygyny habar berdi

1961663
Mewlüt Çawuşogly Müsürde saparda bolýar
cavusoglu-sukri1.jpg
cavusoglu-sukri.jpg

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly müsürli kärdeşi Samih Şukriniň çakylygyna laýyklykda resmi sapar bilen Müsüre gitdi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly 11 ýyl arakesmeden soň Türkiyeden Müsüre sapar guran ilkinji Daşary işler ministri boldy. 

Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde kärdeşi Samih Şukri bilen duşuşyk geçirdi. 

Ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň umumy metbugat ýygnagy geçirildi. 

Mewlüt Çawuşogly Türkiye bilen Müsüriň arasynda taryhy gatnaşyklarynyň bardygyny, sebitiň durnuklylygy üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini her kimiň bilýändigini habar berdi. 

"Sebitimiziň asudalygy üçin bilelikde iş salyşmalydyrys. Mundan soňky tapgyrlarda hem düşünişmezlikler bolup biler, emma gatnaşyklarymyzy bes etmezlik üçin öz üstümize düşýän jogapkärçilikleri ýerine ýetireris" diýip aýdan Mewlüt Çawuşogly, şu gün geçirilen gepleşiklerde ençeme mesele boýunça Müsür bilen pikir aýrylyklarynyň bolmandygyny görendikerini beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly gepleşiklerde taraplaryň energetika, söwda, transport we diplomatiýa ýaly ugurlarda gatnaşyklary güýçlendirmek ygtyýaryny görkezendigini belläp: "Öňümizdäki tapgyrda diplomatik gatnaşyklarymyzy iň ýokary derejä ýetireris" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly hem syýasy meselelerde ikitaraplaýyn häsýetde hem-de sebitleýin meselelerde geňeşmeleri işjeňleşdirmegi pikir edýändiklerini mälim etdi. 

Samih Şukri: "Türkiye bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň özgermegi iki ýurduň hem bähbidinedir. Düýpli esasa eýediris we Türkiye bilen gatnaşyklarymyzy berk häsýetde ýaňadandan ýola goýjakdygymyza ynanýarys" diýip belledi. 

Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri 6-njy fewralda Kahramanmaraş welaýatynda başdan geçirilen ýer titremelerden soň, 27-nji fewralda raýdaşlyk bildirmek we gynanç ýüzlenmesini bermek maksady bilen Türkiyä sapar gurapdy we ministr Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşyk geçiripdi. 

Müsür mundan başgada Türkiyedäki ýertitremelerde ejir çekenler üçin ysanperwer kömek ugradypdy. 



Degişli Habarlar