Erdogan 18-nji Mart Çanakgala Deňiz Ýeňişi mynasybetli geçirilýän çärä gatnaşdy

Prezident Erdogan Türkiyäniň döwleti we milleti bilen kynçylyklaryň hötdesinden geljek, krizisleri mümkinçiliklere öwürjek, küllerinden täze dogjak güýje eýedigini habar berdi

1961654
Erdogan 18-nji Mart Çanakgala Deňiz Ýeňişi mynasybetli geçirilýän çärä gatnaşdy

Şu gün 18-nji mart Şehitleri hatyralama güni we Dardanel deňiz ýeňişiniň 108-nji ýyly bellenilip geçilýär.

18-nji mart Şehitleri hatyralama güni we Dardanel deňiz ýeňişiniň 108-nji ýyly mynasybetli Çanakgaladaky hatyralama çäresiniň ilkinjisi Respublika meýdançasynda geçirildi. 

Dabara Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň "Çanakgala Geçilmez" diýip ýazylan Türkiyäniň baýdagynyň galdyrylmagy bilen başlady. 

Hormatly dymyşlykdan soň Milli senanyň ýerine ýetirilen dabarada Dardanel bogazynda duran TJG Salihreis fregat gämisindäki toplardan 21 gezek od açyldy.  

Dabara Awstraliýanyň Çanakgaladaky konsuly Garri Holl, Täze Zelandiýanyň Ankara şäherindäki ilçiniň geňeşçisi Nikol Slaýt bilen syýasy partiýalaryň wekilleri gatnaşdylar. 

18-nji mart Şehitleri hatyralama güni we Dardanel deňiz ýeňişiniň 108-nji ýyly mynasybetli Şehitler ýadygärliginde geçirilen dabara Prezident Rejep Taýýip Erdogan hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda, Türkiyäniň döwleti we milleti bilen kynçylyklaryň hötdesinden geljek, krizisleri mümkinçiliklere öwürjek, küllerinden täze dogjak güýje eýedigini beýan etdi.

"Çanakgala söweşine milletimiziň bu topraklarda bar bolmak üçin alyp baran iň kyn, iň mukaddes göreşleriň biri hökmünde garaýarys" diýip aýdan Prezident Erdogan, 6-njy fewralda Kahramanmaraş welaýatynda bolan ýertitremelerdäki raýdaşlygy Çanakgala ýeňişiniň jebisligine we agzybirligine meňzetdi.

Prezident Erdogan: "Esasan hem ýertitreme we sil apatlary ýüreklerimiziň agyrýan bu gam-gussaly zamanada Çanakgala ruhuna ýaňadandan mätäçligimiz bar. Takmynan 49 müň raýatymyzyň ýogalan, 11 welaýatymyzda uly weýrançylyklara sebäp bolan ýertitremäniň ýaralaryny diňe şol ruhy direldip bejerip bileris. 108 ýyl ozal nähili egin-egine durup mümkin bolmaýan zadyň hötdesinden gelen bolsak, Asyryň Betbagtçylygynyň hem hötdesinden şol bir raýdaşlyk, doganlyk bilen gelip bileris" diýip nygtady. 

I Jahan urşunda alýans döwletleriň hatarynda Germaniýanyň ýanynda söweşe giren Osmanly Döwleti, Dardanel bogazynda millet hökmünde barlygy üçin göreşdi.

Türk taryhynyň öwrülişik nokatlarynyň biri bolan Çanakgala söweşi 1915-nji ýylyň 15-nji fewralynda Dardanel bogazyndaky söweş bilen başlady. Ondan soň gury ýerde Seddülbahir, Aryburnu we Anafartalar frontynda dowam etdi. 

325 gün dowam eden Çanakgala söweşi 1916-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Türk goşunynyň ýeňişi bilen netijelendi. 

Çanakgalada 1915-nji ýylyň 18-nji martynda gazanylan deňiz ýeňişi, Türkiyäniň geljegi taýdan öwrülişik nokady boldy, Çanakgalanyň geçilip bilinmejekdigini subut etdi. 



Degişli Habarlar