Şanlyurfa we Adyýaman welaýatlarynda bolan sil apatlarynda 10 adam ýogaldy

Türkiyäniň Şanlyurfa we Adyýaman welaýatlarynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda 10 adam ýogaldy

1960287
Şanlyurfa we Adyýaman welaýatlarynda bolan sil apatlarynda 10 adam ýogaldy
sanliurfa sel1.jpg
sanliurfa sel.jpg
adiyaman sel1.jpg
adiyaman sel.jpg

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) Adyýaman welaýatynyň Tut etraby bilen Şanlyurfa şäherinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sl apatlary barada beýannama berdi. 

Soňky 24 sagatda 1 ind metre 136 mm ýagyş ýagan Adyýaman welaýatynyň Tut etrabynda, konteýnerleriň birini güýçli sil suwunyň götermegi netijesinde 1 adam ýogaldy, dereksiz ýiten 3 adamyň bolsa gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 

Şanlyurfa şäherine bolsa soňky 24 sagatda 111 mm ýagyş ýagdy. 

Şanlyurfada sil apatlary sebäpli 9 adam ýogaldy, dereksiz ýiten 2 adamyň bolsa gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 

Ýogalan adamlaryň 5-siniň binalaryň biriniň ýerzemin gatynda ýaşaýan siriýaly raýatlardygy aýan edildi. 

Güýçli ýagyş sebäpli welaýat derejesindäki ähli mekdeplerde bilime arakesme berildi. 



Degişli Habarlar