Ýer titremelerde ýogalanlaryň sany 47 müň 975 adama ýetdi

AFAD-yň başlygy Ýunus Sezer, paýtagt Ankara şäherindäki AFAD-yň merkezi binasynda beýannama berdi

1958314
Ýer titremelerde ýogalanlaryň sany 47 müň 975 adama ýetdi

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň başlygy Ýunus Sezer, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerde ýogalanlaryň sanynyň 47 müň 975 adama ýetendigini habar berdi. 

AFAD-yň başlygy Ýunus Sezer, paýtagt Ankara şäherindäki AFAD-yň merkezi binasynda beren beýanatynda, güýç merkezi Kahrmanmaraş welaýaty bolan 6-njy fewralda başdan geçirilen ýer titremeleriň täsir ýetiren sebitde giň-gerimli kadalaşdyrma işleriniň dowam edýändigini belläp, harabalyklary aýyrmak boýunça işleriň dowam edýändigini mälim etdi. 

Ýer titremelerde ýogalanlaryň sanynyň artandygyny aýdan Ýunus Sezer: "Häzirki wagta çenli 47 müň 975 adam ýogaldy. Şolaryň 6 müň 278-si siriýaly doganlarymyz başda bolmak bilen daşary ýurtlylardan ybarat" diýip aýan etdi. 

Häzirki wagtda 3 müň 954 gözleg we halas ediş işgäriniň harabalyklary aýyrmak boýunça işlere we ynsanperwer kömek işlerine gatnaşýandygyny aýdan Ýunus Sezer, beýleki ýurtlardan gelen takmynan 300 gözleg we halas ediş işgäriniň hem sebitde iş alyp barýandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar